• Композитная арматура — это строительная арматура на основе неметаллических волокон, связанных композитным составом.
задать вопрос обратная связь

Biz barada

          “Elektroulgamgurluşyk” HJ ýöriteleşdirilen kärhanadyr, 2012-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň desgalarynda baş potratçylyk we kömekçi potratçylyk boýunça energogurluşyk, gurnama işleriniň toplumyny ýerine ýetirýär, şunuň bilen birlikde ähli rugsat beriji resminamalary we ygtyýarnamalary bardyr.

    2013-2015 ýyllarda “Elektroulgamgurluşyk” Hojalyk jemgyýeti tarapyndan:

–  “Gurtly-Polietilen” 110 kW Giňeldiş”,  Aş.DES 110 kW Giňeldiş” I tapgyry we II tapgyry desgalarynda enjamlar getirildi we işler ýerine ýetirildi.

– “Polit Institut TP 110/10” desgasynda enjamlar getirildi we elektrik-gurnama işleri ýerine ýetirildi.

 – “Täze Oba PS 110/35/10” desgasynda enjamlar getirildi we elektrik-gurnama işleri ýerine ýetirildi. 

 –   Mary DEB-niň 2-nji energiýa blogynyň heläkçilikli desgasyny sökmek boýunça özboluşly işler ýerine ýetirildi.

 – 2013-2015 ýyllar döwürde ýerine ýetirilen işleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 12 000 000 dollaryndan gowrakdyr.

 2016-2017 ýyllarda Türkmenistanyň Himiýa ministrliginiň “Mary azot” ÖB-de KMA-2M gaz turbinasy gurluşynyň gurnama işleri ýerine ýetirildi hem-de gaz turbinasy gurluşynyň tehnologiki prosesiniň awtomatiki dolandyryş ulgamynyň işe goýberiş we sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek bilen “АСУ ТП КМА-2М” programma üpjünçiligi üpjün edildi,  olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň  1 760 000 dollaryna barabar boldy.

        2019-njy ýylda “Elektroulgamgurluşyk” HJ Belek-Balkanabat 220 kW HG elektrik geçirijileriň gurluşygy boýunça enjamlaryň getirilmegini we kömekçi potratçylyk işlerini ýerine ýetirýär, umumy bahasy RF-niň   121 640 730,00 rubluna barabardyr.

      “Elektroulgamgurluşyk” HJ-niň işgärler düzüminde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň energetika desgalarynda uly iş tejribesine eýe bolan ýokary hünärli hünärmenler işleýärler.

“Elektroulgamgurluşyk” HJ “Energostroýeksport” halkara kompaniýalar topary konsorsiumynyň düzümine girýär:

   Kompaniýalar topary dürli enjamlaryň toplumlaýyn eksport üpjünçiligini amala aşyrýar we Türkmenistnda gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirýär.

     “Energostroýeksport” kompaniýalar toparyna şu aşakdaky kärhanalar girýärler:

“TM Kompozit” JÇJ   (Russiýa, Sankt-Peterburg) – kompozitli materiallaryň önümçiligi üçin enjamlaryň we çig mallaryň eksport toplumlaýyn üpjünçiligi.

Baş direktory – Skworsowa Swetlana Georgiýewna (+7-904-216-84-29)

«En&De» LP (Beýik Britaniýa) – ýokary woltly elektrotehniki enjamlaryň toplumlaýyn üpjünçiligi. 

Baş hyzmatdaş  – Mustafa Kaýýa  (+7495- 0181681)

 “Elektroulgamgurluşyk” HJ (Türkmenistan, Aşgabat)ýokary woltly paýlaýjy kiçi beketleriň gurluşygy, elektrotehniki önümleriň toplumlaýyn üpjünçiligi, 110 kW, 220 kW elektrik geçirijileriniň gurluşygy.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Gurbansoltan-eje köç., 392

Baş direktory: Annamyrat Myradow (+99312-361987) е-mail: elektroulgam@gmail.com

“Energogurluşykgurnama” HK – Russiýa Federasiýasyndan we Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan elektrotehniki enjamlaryň import üpjünçiligi.

Direktor: Permýakow Sergeý Anatolýewiç (+99312-362990)

BIZIŇ HYZMATDAŞLARYMYZ:

  1. “Gruppa kompaniý Swerdlowelektro” ÝPJ, Ýekaterinburg ş.

Saýty: http://www.svel.ru

Kärhananyň önümleri:

35 kW güýjeme topary üçin 25 -den 16 000 kWA çenli gury transformatorlar guýma izolýasiýa bilen;

35 kW güýjeme topary üçin 25 -den 12 500 kWA çenli gury transformatorlar howa-barýer izolýasiýa bilen;

Reaktor enjamlary, gury togy çäklendiriji reaktorlar   35, 110, 220 kW;

25-den 125 000 kWA çenli kuwwatly 35, 110, 120 kW ýag transformatorlary,  63000-den 250 000 kWA çenli awtotransformatorlar;

Elektrik ulgamy desgalarynyň gurluşygy (inžiniring, taslamak);

Tok transformatorlary, 10 – 35 kW;

Güýjeme transformatorlary, 35 kW;

Toplumlaýyn transformator kiçi beketleri;

Toplumlaýyn paýlaýjy gurluşlar, 6, 10 kW;

Reaktiw kuwwatyň öwezini doluş gurluşlary;

Ýokary ýygylykly gapan filtrleri;

Metal gurnawlar.

II. “ABB” konserni (Gazagystan)

Saýt: http://www.abb.ru
“ABB” – elektroenergetika we awtomatizasiýa üçin tehnologiýalar boýunça öňdebaryjy kompaniýalar toparydyr. Toparyň döreden tehnologiýalary senagat kärhanalaryna we energetiki kompaniýalar öz öndürijiligini artdyrmaga we daşky gurşawa ýaramaz täsirleri kemeltmäge mümkinçilik berýär. 
“ABB” kompaniýalar toparynyň 100 sany ýurtlarda kärhanalary bolup, olarda takmynan 124 000 adam işleýär.

“ABB” kompaniýasynyň önümleri:

  • HECI,HGI,GCB tapgyrynyň generator zynjyr üzüjileri (wyklýuçateller);
  • 35-500 kW elegaz zynjyr üzüjileri;
  • dürli güýjüme toparyndaky, dürli toplumlaýyn elektroşit önümleri;
  • СРА we СРВ  tapgyrynyň110-500kW güýjeme transformatorlary;
  • TG we IMB tapgyrynyň110-500kW tok transformatorlary;
  • güýç beriji transformatorlar we zynjyr üzüjileri üçin ýokary woltly girişler;
  • SGF, SSB II  tapgyrly we beýleki 110-500kW switçler;
  • LTB ykjam kommutasiýa moduly;
  • PASSM 0, PASSM 0S toplumlaýyn öjýükler
  • COMPASS toplumlaýyn öýjükler
  • Toplumlaýyn paýlaýyş gurluşy 110, 220,330, 550 kW
  • Toplumlaýyn elektrik paýlaýyş gurluşy EXK, ELK
  • 110,150,220,330,500 kW üçin BBS şina diregleri.
  • Turbinalar we gaz turbinasy enjamlary.

III. “Sistemy Swýazi i Telemehaniki” ÝPJ

Saýty: http://www.cts.spb.ru/

Önümleri:

  • Telemehanika toplumlarynyň enjamlary we programma üpjünçiligi;
  • Maglumat-ölçeg ulgamlary;
  • Dispetçerçilik we tehnologiki dolandyryş ulgamlary (АСДУ / АСДТУ);
  • Energiýa serişdeleriniň hasabyny ýörediş ulgamlary;
  • Elektroenergetika, senagat, ulag we nebit gaz toplumynyň desgalary üçin elektrik energiýasynyň täjirçilik we tehniki hasabyny ýörediş ulgamlary (АИИСКУЭ / ТУЭ).

Taslamadan öňki barlag

Taslamak

Ylalaşmak

Gurnama we işe goýberiş-sazlaýyş işleri

Serwis

Okatmak

IV “Maşspesstroý” kärhanasy

Saýty: http://www.mssgroup.ru/stekloplastikovye-truby

Önümleri:

–  Aýna-plastik (bazalt-plastik) turbalar   200-2000 mm;

–  Kern kabul ediş turbalary;

–  Abraziw çydamly (şlam geçirijiler, pulpa geçirijiler);

–  Tehnologiki turba geçirijiler;

–  Nebit pudagy üçin turbalar;

–  Kabel setleri üçin turbalar;

–  Armatura (aýna-plastik, bazalt-plastik);

–  Gaplar 1 – 70m3;

– Aýna-plastik gaz ýollary, diametri 600 mm çenli.

V.  “Konstante” kompaniýasy

 Grubmühl 18 82131 Gauting Germany

Email: info@konstante.eu, http://konstante.eu/

Tel.: +49 89 38038826

“Konstante” inžiniring kompaniýasy jemagat we senagat kärhanalary üçin suw üpjünçiligi we suw sowujy desgalaryny taslamak, gurmak we dikeltmek boýunça işleriň tutuş toplumyny ýerine ýetirýär, olara tehniki auditinden we belli bir desganyň işiniň netijeliligine baha bermekden başlap arassalaýjy desgalary doly tabşyrmak bilen gurluşygyna çenli işler girýärler.

Kompaniýanyň   esasy iş görnüşleri – suw düzüminiň barlaghana barlaglaryny geçirmek, ylmy barlaglary ýerine ýetirmek, inžiniring we taslama işlerini geçirmek, ýokary hilli we netijeli suw arassalaýjy enjamlary saýlamak we üpjün etmek, gurnama, gurluşyk we işe goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek, arassalaýyş desgalarynyň işi boýunça zerur serwis hyzmatlaryny bermek.

Kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan hojalyk-durmuş we önümçilik akyndy hapa suwlaryny arassalamak boýunça birnäçe taslamalar işlenip taýýarlandy we durmuşa ornaşdyryldy, hususan-da miwe-gök önümler, ýag, himiýa, metallurgiýa we beýleki kärhanalaryň suw desgasyna taşlamak boýunça akyndy hapa suwlaryň hilini kada görkezijilerine çenli ýetirmek   boýunça taslama üstünlikli işlenip taýýarlandy we durmuşa ornaşdyryldy.

Kompaniýanyň akyndy hapa suwlary arassalamak meselelerini çözmekde tejribesi, ýokary ylmy we inžiniring potensialy, öňdebaryjy dünýä tehnologiýalarynyň ulanmagy müşderilerimiz we hyzmatdaşlarymyz bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin ähli şertleri üpjün edýärler.

VI. “HÜBERS” kompaniýasy (Germaniýa)

Polimer izolýatorlarynyň bilelikdäki önümçiliginde.

• Garyndy ergini guýmak we siňdirmek

• Garyndy ergini guýmak we siňdirmek boýunça atmosfera, wakuum, wakuum gysyjy prosesler, şeýle hem basyş astynda awtomatiki želirleme

• Bir we köp düzümli smola ulgamlary

• Aýry-aýry modullar we toplumlaýyn enjamlar

e-mail: info(at)huebers.de

Telefon: +49 2871 281-0

VII. “NPO Zwezda” JÇJ (RF, Iwanow welaýaty, Iwanowo ş.) – kompozitli materiallary öndürmek üçin enjamlary öndürmek.

Direktor: O.Ý. Sergeýew

VIII. “SK” JÇJ (RF, Gus-Hrustalnyý ş.) – kompozitli materiallaryň çig mallary üçin peçleri öndürmek.

Baş direktor: B.G. Harçilawa.

IX. “Testsistemy” JÇJ   (RF, Iwanowo ş.) – kompozitli materiallaryň barlaghanalary üçin synag maşynlarynyň önümçiligi.

Baş direktor: A.W. Belyşew

X. “PKF TEHGIDRO” JÇJ (RF, Ýekaterinburg ş.) – kompozitli materiallary öndürmek boýunça enjamlar üçin toplumlaýjy şaýlary öndürmek.

Baş direktor: W.N. Korotkow

Hormatly jenaplar!

Biz bazarda öz abraýymyzy arzyly tutýarys hem-de öz üstümize alan ähli şertnamalaýyn borçnamalaryň ak ýürekden we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini kepillendirýäris!