задать вопрос обратная связь

Gurluşyk kompozit armatury

Aýna süýümden armatura polatdan armaturanyň garşysynda bir topar artykmaçlyga eýe: 

•  100% berkiräk 

Aýna plastiki armatura A III markaly polatdan armaturanyň deň diametrdäki görkezijiden 2 esse köpräk açyklyga berklige eýedir. 

  •  80% ýeňil 

Kompozit armaturanyň dykyzlylygy 1,9 tn/m3 ybarat. Bu onuň suwdan 1,9 esse agyrrakdygyny we polatda 5 esse ýeňildigini aňladýar. Deň pugtalyk gatnaşygynda bolsa şeýle armaturanyň agramy polatdan armatura görä 9 esse az. 

  •  Tygşytly 

Kompozit armaturanyň ulanylmaklygy gurluşyk işleriniň bahasyny azaltmaga mümkinçilik berýär. Gurluşyk konstruksiýalarynyň bahasynyň arzanladylmaklygy demir armatura bilen deňeşdirilenden kiçi diametrleriň demirdäl armaturalarynyň 

ulanylmaklygynyň hasabyna gazanylýar.  

 •  Poslama we çüýreme çydamly 

Demir däl armaturalar umuman poslama çydamlydyr we betonyň dargamagyna getirmeýär. Bulardan başga-da kislotalaryň, şagarlaryň we duzlaryň  täsiriniň astynda agressiw şertlerde özüniň mehaniki aýratynlyklaryny 

üýtgetmeýär diýen ýaly. 

 •  Aşa pes temperaturalarda aýratynlygyny ýitirmeýär. 

Kompozit armaturalar dürli temperatura tertiplerinde (-70-den +100 Selsiýa gradusyna çenli) ulanylyp bilner, şol bir wagtda özüniň tehniki-ulanylyş häsiýetlendirmelerini umuman üýtgetmeýär.  

 •  Pes ýylylyk geçirijilik 

Kompozit armaturanyň ýylylyk geçiriligi polatdan armatura görä 100 esse pes, ol ýylylygy geçirmeýär diýen ýaly. Bulara görä “Sowugyň köprüjigi” bolup bilmeýär we ýylygyň ýitirilmegini düýpli peseltýär.  

•  Betondaky ýaly ýylylyk ýaýratma görkezijisi 

Bu gyzgynlygyň özgerişiniň täsiriniň astynda betonyň gatlagynda kuwwatlandyrmalaryň güýçlenmesiniň we jaýrygyň emele gelmesini ýok edýär. 

•  Dielektrik:. Radio dury. Magnitenert. 

Kompozit armatura elektrik akymyny geçirmeýär we hereketsiz energiýalary jemlemeýär. Radiotolkunlar üçin geçiriji Elektromagnit meýdanlarynyň täsiriniň astynda kompozit armaturanyň berklik aýratynlyklarynyň üýtgemekligi ýok edilen. 

 •  Uzak ömürli we ekogiki taýdan arassa 

Demir däl armatura konstruksiýalaryň hymzat möhletini polatdan armatura bilen deňeşdireniňde 2-3 esse ardyrýar, aýratyn hem olara agressiw şertleriň täsirinde. Gymmat baha bejeriş işleriniň zerurlygy aradan aýrylýar.

Çaklanylýan uzak ömürlilik – azyndan 80 ýyl

•  Islendik gurluşyk uzynlygy 

Buýuryjynyň islegi we taslamanyň talaplary boýunça islendik uzynlykda taýýarlanyp bilner.

IGU 105-3,5 direginiň synagynda TD tarapyndan kesgitlenilýän berklik boýunça esasy baza görkezijileri saklanan. Direg örän çeýe, pružinli, dykyzlylyk bilen agram aýrylanda başlangyç ýagdaýa geçýär. Gatylygy boýunça gutarnykly işleri dowam edýär.

2020 ýylyň başynyň ýagdaýy boýunça “Elektroulgamgurluşyk” HJ “Türkmentaslama” instituty bilen blen hyzmatdaşlyk etmeginde kompozit armaturadan peýdalanyp demir beton önümlerini taslamasynyň gutarnykly işelnilemsi başladyldy.

1) ÇS görnüşli diregler ( titreme) – IGU 10,5 we IGU16,4

2) EGL diregleriniň esaslary – F5-АМ, F3-АМ, F3-2

Äzirki wagtda “Aşgabattaslama” instituty tarapyndan panelli jaý gurluşygy üçin, ýolgurluşygyny we obany gorama desgalary üçin konstruktiw önümleriň kompozit armaturasyndan peýdalanyp taslama düzmek boýunça işler alnyp barylýar.