задать вопрос обратная связь

GURLUŞYKDA KOMPOZIT (APA) ARMATURANYŇ ULANYLYŞY

Üç gata çenli çylşyrymly taslama düzme zeruryýetsiz we ýörite hasaplamalarsyz binanyň mysalynda aýna plastiki kompozit armaturanyň ulanylyşynyň 14 usuly

1. ESAS PLITALARY

Aýna plastiki kompozit armaturany ulanyp üç gata çenliden ýokary däl kiçi gatly gurluşykda esas plitalarynyň kuwwatlandyryş tehnologiýasy demir armaturany deň pugtalykly çalşykly jetler laýyklykda aýna plastiki armatura çalyşmak ýoly bilen bolup geçýär.

Aýna plastiki armatura dogry çalşylmaklygy pul serişdeleriniň düýpli tygşytlanmagyna getirýär, sebäbi aýna plastiki armatura demir armaturada arzan. Aýna plastiki armatura bilen esas plitalaryň kuwwatlandyryş ýörelgesi demir armatura bilen kuwwatlandyrmadan tapawutlanmaýar, emma gurnamak işlerinde wagtyň düýpli tygşytlanmagyna getirýär.

Demir armaturanyň aýna plastiki armatura çalşygynda kuwwatlandyrmanyň ädimini gysgaltmak zeruryýeti ýok.

Aýna plastiki armaturanyň çybygynyň uzaldylmagy zerur bolan ýagdaýlarda baglama çybykda bolup geçýär. Çybyga uzynlyk 20-den 50 sma çenli.

Aýna plastiki armaturanyň dokalyşy dokama simi bilen amala aşyrylýar, aýna plastiki armaturany kesme işleri ýylmalama enjam – “bolgarka” bilen amala aşyrylýar.

2. LENTALY ESASLAR

Aýna plastiki armaturadan peýdalanyp lentaly fundamenti kuwwatlandyrmak işi demir armaturany deň pugtalyklyk çalşyk  jetweline laýyklykda aýna plastiki armatura çalyşmak ýoly bilen bolup geçýär.

Demir armaturany kompozit aýna plastiki armatura deň pugtalykly çalyşma jetweli

А-III synpynyň (A400C) demirden armaturasy Kompozit polimer armatura aýnaplastiki (APA)
6 А-III 4 APA
8 А-III 5,5 APA
10 А-III 6 APA
12 А-III 8 APA
14 А-III 10 APA
16 А-III 12 APA
18 А-III 14 APA
20 А-III 16 APA

Demirden armaturanyň aýna plastiki armatura dogry deň pugtalykly çalşygy Size 45% çenli tygşytly bähbit gazanmaga mümkinçilik berer (2 esse tygşytly).

Armaturanyň aýna plastiki armatura çalşygynda kuwwatlandyrmanyň gatlaklarynyň mukdaryny we bir gatlakda çybyklaryň mukdaryny artdyrmak zeruryýeti ýokdyr.

Aýna plastiki armaturanyň çybygynyň uzaldylmagy zerur bolan ýagdaýlarda baglama çybykda bolup geçýär. Çybyga uzynlyk 20-den 50 sma çenli.

Aýna plastiki armaturany dokamak işleri hem dokama simleriniň ýardamy bilen amala aşyrylýar, aýnaplastiki armaturany kesmek işleri “bolgarka” bilen amala aşyrylýar.

3. SENAGAT BETON POLLARYNYŇ KUWWATLANDYRYLYŞY

Aýna plastiki kompozit armaturany ulanyp senagat beton pollaryň kuwwatlandyrmak işleri demir armaturany deň pugtalykly çalşyk jetwele laýyklykda aýna plastiki armatura çalyşmak ýoly bilen bolup geçýär.

Senagat beton pollaryň kuwwatlandyrylyşynda aýna plastiki armatura dogry çalşykmaklygy hem pul serişdeleriniň düýpli tygşytlanmagyna getriýär, sebäbi aýna plastiki armatura demir armaturadan arzan.

Aýna plastiki armatura bilen kuwwatlandyrmak işleri demir armatura bilen kuwwatlandyrmakdan tapawutlanmaýar, emma gurnamak işlerine sarp edilýän wagtynyň düýpli tygşytlanmagyna getirýär.

Demir armaturanyň aýna plastiki armatura çalşygynda kuwwatlandyrmanyň ädimini gysgaltmak zeruryýeti ýok.

Aýna plastiki armaturanyň çybygynyň uzaldylmagy zerur bolan ýagdaýlarda baglama çybykda bolup geçýär. Çybyga uzynlyk 20-den 50 sma çenli.

Aýna plastiki armaturanyň dokamak işleri dokama siminiň ýardamy bilen amala aşyrylýar, aýnaplastiki armaturany kesmek işleri ýylmalama enjamy – “bolgarka” bilen amala aşyrylýar.

4. BINANYŇ TÖWEREGINDE BOŞ ÝERLER

Boş ýerler – bu esasa ýa-da binanyň sokolyna ýapgyt bilen birigýän 0,6 m-den 1,2 m çenli indäki zolakdyr.

Boş ýeriň eňňidi 1% (1 m 1 sm) az bolmaly däldir we 10% (1 m 10 sm) az bolmaly däldir.

Binanyň töweregindäki boş ýerleri aýna plastiki armaturadan peýdalanyp galdyrmaklyk maslahat berilýär, sebäbi boş ýeriň esasy wezipesi – diwardan we jaýyň esasyndan ýüzleý ýagyş we doň çözülen suwlary sowmakdyr. Aýna plastiki armaturadan peýdalanylan boş ýer binäçe esse uzak hyzmat eder, sebäbi aýna plastiki armaturanyň ýokary poslama garşy aýratynlyga eýedir, bu bolsa betonda jaýryklaryň emele gelmeginiň öňüni alýar.

5. KERPIÇ ÝA-DA BLOK BINALARYNYŇ GATLARYNYŇ ARASYNDA KUWWATLANDYRMA GUŞAGY (SEÝSMIK GUŞAK)

Kerpiç ýa-da blokly binalaryň arasyndaky kuwwatlandyrma guşagynyň (seýsmiki guşagynyň) kuwwatlandyrma işlerinde aýna plastiki kompozir armaturasynyň ulanylmaklygy binanyň boşluk gatylygyny beýik berklik häsiýetlendirmeleriň hasabyna ýokarlandyrýar we esasy we diwarlary deň ölçegli däl çökmäniň we topargyň sowukdan çişmeginiň jaýryklardan goraýar.

6. KERPIÇ ÖRÜMI ÜÇIN BIRLEŞDIRIJILER

Kerpiç örüminiň berkligini ýokarlandyrmak we sepleriň meňzeş galyňlygyny berjaý etmek üçin demir gözenegiň ýerine F4 we F6 diametrli aýna plastiki armaturadan çybyklardan peýdalanylmalydyr.

Armaturanyň diametriniň galyňlygy kerpiç örüminiň sepiniň galyňlygyna baglydyr.

Aýna plastikden çybykda demirden örüm gözenegiň çalşygy kuwwatlandyryjy materialyň çykdajylaryny 5 esse azaltmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem kerpiç örüminde aýna plastiki çybyklaryň ulanylyşy ýylylygyň ýitirilişini düýpli azaltmaga mümkinçilik berer, sebäbi aýna plastiki armatura ýylylygy ýaramaz geçirýär, demire görä birnäçe esse erbet.

7. MONOLIT DIWARLAR ÜÇIN BLOKLARDAN/KERPIÇDEN ÖRÜM ÜÇIN BAGLAÝYJY

Monolit diwarlar üçin we sepleri düzgünleşdirmek üçin bloklardan/kerpiçlerden diwarlaryň örüminde berkligi artdyrmak üçin demir gözenegiň ýerine F4, F6 we F8 diametrli aýna plastikden çybyklardan peýdalanmak maslahat berilýär. Armaturanyň diametriniň galyňlygy örümde sepiň galyňlygyna bagly.

Aýna plastikden çybykda demirden örüm gözenegiň çalşygy kuwwatlandyryjy materialyň çykdajylaryny 5 esse azaltmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem aýna plastiki çybyklaryň ulanylmaklygy ýylylygyň ýitirilmeginiň düýpli azaldylmagyna mümkinçilik berýär, sebäbi aýna plastiki armatura ýylylyk ýaramaz geçirýär, demire görä bir näçe esse erbet.

8. ÖRTÜK PLITALARYNDA DEMIR BILEN UTGAŞDYRMA

Örtügiň platasy iki gatlakda kuwwatlandyrylýar. Örtügiň plitasyna agram ýokarky kysymdan aşaga gidýär we örtügiň tutuş  meýdanyna degişli ýerleşdirilýär. Muň görä esasy iş armaturasy aşakky gatlakda ýerleşýär we dartylma uly agramy synaýar. Ýokarky gatlak esasan gysylma agram alýar.

Bu ýagdaýda aýna plastiki armaturany demir bilen utgaşdyrylypulanylýar.

Ýokarky gatlagy aýna plastiki armaturada ýerine ýetirilmeli, aşakky demir armaturadan ýerine ýetirilmeli

Gözenegiň özünde aýna plastiki armatura üzülmesiz bütewi görnüşe eýe bolmalydyr. Eger F10 aýna plastiki armaturanyň ýardamy bilen örtügiň kuwwatlandyrylyşy bolup geçýän bolsa, onda 400 mm-de çybyga ýerine ýetirilmelidir. Kuwwatlandyrmanyň ähli sepleri küşt tertibinde ýerleşdirilýär.

9. ÇEÝE BAGLAMA

Öň tarap diwardan ýyladyjynyň (we howa gatlagy) üsti bilen üç gatlakly diwarlaryň ulgamynda bir bütewä içerki diwaryň birleşdirilmegi üçin ulanylýar.

Kompozit çeýe baglamalar şeýle ýerine ýetirilýär –  döwürleýin relýef ýüzleýli 200-den 600 mm çenli uzynlykda aýna plastikden taýýarlanan oklar ýa-da tegelek kesişýän ýerli (taslama çözgüne bagl) ýerine ýeririlýär. Munuň saýasynda çeýe baglamalar betonly we betonyň aşgar şertiniň agressiw täsirinden goşmaça goranyşly ýokary adgeziýa eýe bolýar.

Çeýe baglamalar şularda ulanylýar:

  • Kerpiç örümi üçin (F6 mm),
  • Monolit binalary ýylatmak üçin (F6 mm),
  • Bloklar üçin (F4 mm).
  • Panel jaý gurluşygy üçin (F6 mm).

Biziň saýtymyzda kompozit çeýe baglamalar barada giňişleýin maglumat alyp we olary sargap bilersiňiz.

10. GERMEWLERIŇ LENTA ESASLARY

Lenta esaslary germewleriň şu görnüşleri üçin göz öňünde tutulýar: kerpiç sütünli germew, ýüzi demirlenen demirden germew we tokaý materialdan germew ýa-da göterýän demirden diregli profnastil.

Aýnaplastiki armaturany ulanyo germewiň esasynyň kuwwatlandyrylmasy örän amatly. Aýna plastikadan armaturanyň ýokary berk häsiýetlendirmeleriň we ýokary agramlaryň hasabyna germewiň esasynyň kuwwatlandyrylmasynda köplenç F4 we F6 diametrli kompozit armatura ulanylýar.

Kuwwatlandyrma tehnologiýasy demir armatura bilen kuwwatlandyrma tehnologiýasyndan tapawutlanmaýar, emma örän arzan we wagt boýunça çalt. Aýna plastiki armaturanyň uzaboýuna çybyklary 4-7 sm beýiklikli diregleriň gazylan tranşeýalarynyň düýbüne düşelýä. Aýnaplastikden iň soňky çybyklar tranşeýanyň diwarjyklaryndan 6-8 sm üýtgeýär.

Keseligine armatura we wertikal diregler adatda 400 mm ädim  bilen dokalýar.

Uzaboýuna armaturanyň ýokarky hatary direglere ol tranşeýanyň ýokarky derejesinden 5-7 sm pes boljak şekilde berkidilýär. Soňra ýokarky hataryň aýnaplastiki armaturasynyň keseligine örümi ýerine ýetirilýär.

11. HOWUZ ÜÇIN ÇANAGYŇ KUWWATLANDYRMASY (DÜÝBÜNIŇ WE DIWARLARYNYŇ)

12. ÝOL GURLUŞYGY

Aýna plastiki armatura onuň köp taraplaýynlygyna görä gurluşykçylaryň seslenmesini alýar, sebäbi ony ýolyň tygynyň, diregleriniň, köprüleriniň berkligi güýçlendirmek üçin ulanyp bolýar.

13. PYÝADA BETON ÝODAJYKLAR

Beton ýodajygynyň gatylygynyň ütüni ýetirmek üçin esasy kuwwatlandyrma işleri geçirilmelidir, munuň köpçüligiň äsgermezlik edýärler.

Pyýada ýodajygynyň aýnaplastiki armatura bilen kuwwatlandyrylanda beton esasynyň galyňlygyny azrak etse hem bolýar, bu bolsa betona harajatlar boýunça düýpli tygşytlanmagyna getirýär.

Şeýle hem pyýada geçelgelerini kuwwatlandyrmak üçin aýna plastikden armaturanyň ulanylmagy betonyň esaslara gaçmagyndan goraýar.

14. AWTOULAGLARYŇ GEÇELGESI WE DURALGADA GOÝMAK ÜÇIN BETON MEÝDANÇALAR.

Kuwwatlandyrmaga başlamazdan beton meýdançanyň ýokarsyndan çägeden ýassyga çagyl daşyň gatlagyny 5 sm guýulýar we dykyzlaşdyrylýar. Aýna plastiki armaturanyň kuwwatlandyrylmagy betonyň gurluşyny güýçlendirýär, şonuň üçin awtoulagyň duralgasynyň meýdançasy gurulanda şol bolmazdan ýerine ýetirip bolmaýar.

Awtoulagyň geçelgesi we duralga ýerleşdirilmegi üçin meýdançanyň betonlandyrylmagy zerur bolan uzynlygyň çybyklay bilen kesilýän aýna plastiki armaturanyň ýardamy bilen amala aşyrylýar. F6 diametrli aýna plastiki armaturadan peýdalanmaklyk maslahat berilýär.

Armaturadan karkasy gönüden-göni düşelýän ýerinde taýýarlanylýar we köp wagt almaýar. Aýna plastiki çybyklar atnaga-atanak we sepişik ýerlerinde sim bilen baglanýar